JEMGYÝET

11 aýda 49 kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem degişli pudaklaýyn düzümleriň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri Milli Geňeşiň Mejlisiniň maslahatlarynyň 5-si geçirildi. Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy, şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 25-si kabul edildi. Şol döwürde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem birnäçe beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda Mejlis döwletimiziň hukuk ulgamyny ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirýär.

Şu ýylyň on bir aýynda dünýä döwletleriniň parlamentleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 31-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçiren okuw maslahatlarynyň 137-sine gatnaşdylar. Bulardan başga-da, Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasy bilen bilelikde welaýatlarda çagalaryň hukuklaryny düşündirmek boýunça okuw maslahatlaryny geçirdiler. Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si guraldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär