MEDENIÝET

103 million dollarlyk eser

Dünýä belli suratkeş Pablo Pikassonyň eseri Nýu-Ýorkdaky söwda-satuwynda 103 million dollara satyldy. Bilermenler söwda-satuwyndan öň, ispan suratkeşiniň bu eserine 55 million dollara baha berdiler.

Pablo Pikassonyň “Äpişgäniň öňünde oturan zenan” (“Mariýa-Tereza”) atly eseri “Christie’s” söwda-satuwy edarasynyň gurnan auksionynda satyldy. Bu eser 1932-nji ýylda döredilipdi.

Bu eser üçin iň soňky hödürlenen baha 90 million dollar boldy. Goşmaça tölegler bilen suratyň täze eýesi jemi 103 million dollar tölär.

Mundan ozal, bu eser 2013-nji ýylda satylypdy. Şonda 44,8 million dollara satylypdy. Onuň satuwy Londondaky “Sotheby’s” söwda-satuw öýünde geçirilipdi.

 

«Messi we Mbappe ýaly beýik oýunçylar bilen oýnadym. Emma …»

Ýene-de okaň

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy