BILIM

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” nyşanly kompýuterler sowgat berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümet mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1-nji synpa kabul ediljek okuwçylary noutbuk görnüşli kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hil babatdaky standartlara we çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyklykda öndürilýän “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň programma üpjünçiligini ep-esli kämilleşdirmek, ýadynyň göwrümini hem-de işjeňligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ösüp gelýän ýaş nesil, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we ýokary hilli bilim almagy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti gol çeken resminamasyna laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov