BILIM

1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we talyplar üçin harytlary öndürijiler we iberijiler bilen bilelikde ýurdumyzyň bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplary we beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, şeýle hem paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasyny şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabra çenli geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Mekdep bazarlary birnäçe ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda gurnalyp, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edip gelýär. Ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary bu bazarlaryň esasy harytlary bolup durýar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary