DÜNÝÄ

1.6 milliondan gowrak zyýaratçylar hajy boldular

2025-nji ýylda haj möwsüminde 1 million 673 milliondan gowrak zyýaratçylar hajy bolmak bagtyna eýe boldular. Bu barada Saud Arabystanynyň Baş statistika müdirligi habar berýär.

Üstümizdäki ýylda haj parzyny berjaý etmek üçin 171 döwletden 1.5 milliondan gowrak zyýaratçylar Saud Arabystanyna bardylar. Şolaryň 166 müňden gowragy Saud Arabystanynyň raýaty hem-de bu ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlular bolup durýar.

Hasabata görä, hajy bolmak bagtyna miýesser bolanlaryň 877 müňden gowragy erkekler, 795 müňden gowragy bolsa zenan zyýaratçylardyr.

2025-nji ýylda haj parzyny berjaý etmek üçin mukaddes topraklara zyýaratçylar uçar gatnawlary bilen geldiler. Şeýle zyýaratçylaryň sany 1.4 milliondan gowrakdyr. 66 müňden gowrak zyýaratçy gury ýer, 5100 zyýaratçy bolsa, deňiz ulagy bilen Mekgä bardylar.

Mälim bolşy ýaly, asylly däbe görä, şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde watandaşlarymyzyň 2 müň 844-siniň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ugradylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555 ildeşimiz bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberilenlerdir.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi