SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

02-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  02-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün hamallar diýseň dartgynly we duýgur bolar. Eger siz entek agyr iş günlerinden dynç almadyk bolsaňyz we nerwiňiziň çäkdedigini duýsaňyz, hiç ýere gitmezlik has gowudyr. Öýüňizde dynç alyň we ýatyň, ýekşenbe güni açyk howada gezelençleri meýilleşdiriň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlar üçin maşgala agzalary bilen dynç almak ýa-da dostlaryňyz bilen ýakymly agşam duşuşygyny geçirmek amatlydyr. Ýöne agyr fiziki güýç bilen meşgullanmak we töwekgelçilik etmek düýbünden gadagandyr – goşmaça kynçylyklary gazanyp bilersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün jöwzalar seresap bolmaly. Güýçli maşklar ýakymsyz şikeslere sebäp bolup biler. Ýalňyş sözler we hereketler bolsa, garaşylmadyk netijeleri bilen maşgala dawa-jenjeline sebäp bolup biler. Dynç almak üçin iň gowusy, süýji uky, ýakymly nahar we arassa howada gezelenç etmekdir.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar üçin gyzykly adamlar bilen duşuşmagyň iň amatly wagtydyr. Ene-ataňyzyňka baryp görüň, iň gowy dostlaryňyz we söýgüli ýaryňyz bilen duşuşyň ýa-da kafe ýa seýilgähe çagyryň. Seýle ýagdaýda bu günüňiziň ýatdan çykmajak bolup geçjekdigi ikuçsyzdyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetlerde duýgularyň ýüze çykmagy üçin amatsyz, güni asuda zatlara bagyşlamak has gowudyr: okamak, döredijilik bilen meşgullanmak ýa-da film görmek. Ikinji dynç güni bolsa doly çykyň. Mundan başga-da, güýmenje näçe özboluşly we aşa ajaýyp bolsa, dynç alyşyňyz ol ýerde has doly we ýatda galar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün sübüleler ähli pikirlerini ýygnamaly. Işlerinde we gatnaşyklarynda tamamlanmadyk zatlary jemlemeli. Bu gün, öýüňizde umumy arassalaýyş işlerini geçirmak we köp wagt bäri ulanylmadyk köne zatlardan dynmak üçin ajaýyp gün.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlar bu gün özlerine güýmenje gözlemeli bolarlar. Wagtyňyzy gyzykly geçirmäge çalyşyň. Esasanam biri doglan gününe çagyrsa, baryň. Söwda, oturylyşyklar, gözellik bejergileri, güýmenje – bu gün islendik göwnüňize ýaraýan dynç alyşy saýlaň we duýgularyňyzy görkezmekden çekinmäň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin bu gün üstünlikli bolar. Bu gün islendik çäräni meýilleşdirip bilersiňiz: syýahat, söwda, sport we ş.m. günüňizi öý işlerine, maşgala we dostlaryňyz bilen duşuşyklara bagyşlaň. Olar size aýratyn lezzet berer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar üçin bu gün diýseň trawmatiki bolar. Özüňizi kän ýüklemeli däl we ýorgana görä aýak uzatmagy başarmaly. Çünki eksperementler sizi hassahananyň düşegine getirip biler. Işe başlaýançaňyz dynç almak we güýç gazanmak has gowudyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler, hiç wagt rugsat bermeýän işden we maşgala durmuşyndan dynç alyp, bu iki güni bütinleý özlerine bagyşlamagyň wagty geldi. Özüňize seretmek üçin ähli zatlary ediň. Daşky görnüşiňize üns beriň, özüňizi begendiriň. Daş keşbiňizi täzelemek oňyn duýgulary berer we indiki hepde üçin size güýç berer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün öz şähdiňizi açmak üçin bir zatlara, esasanam öz gowy gorýän zadyňyza, hobbiňize güýmeniň. Bu meselede size iň gowy iki zat kömek eder: söwda we sungat. Uzak wagt bäri isleýän zadyňyzy satyn alyň, bahasyna üns bermäň. Boýag bilen surat çekiň ýa-da el işlerini ediň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Çözmek isleýän garyndaşlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen köpden bäri dowam edip gelýän dawa-jenjel bar bolsa, bu gün gatnaşyklary dikeltmek üçin iň amatly pursatdyr. Esasy zat, barlyşyk ugrunda ilkinji ädim ätmek, soň hemme zat öz-özünden amala aşar.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama