SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

01-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)

Eger bir zatlar garaşyşyňyz ýaly bolmasa, binjalyk bolmaň we eýýäm näçe kynçylygy ýeňip geçendigiňizi ýygy-ýygydan ýadyňyza salyň. Ýöne kimdir biriniň keýpiňizi götermegine garaşmaň muny özbaşdak etmegiň ugruny tapsaňyz, ýagdaý tiz wagtdan gowulyga tarap üýtgäp başlar.Şeýle hem köpden bäri yza süýşürip gelýän uşak-düşek işleriňizi ýatlamak peýdaly bolar. Ähtimal şu gün olary çözmek üçin size bary-ýogy birnäçe sagat gerek bolar. Guramaçylyk meselelerini çözmekde kynçylyk ýüze çykmaz  birine ýolbaşçylyk etmeli ýerinde size taý tapylmaz.Güniň ikinji ýarymynda puluňyza örän seresap boluň. Howlukmaç kararlar maliýe ýitgilerine getirip biler.

 

Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)

Derow düýpli bir işe girişip başlaň. Bu gün köp işlerde üstünlik gazanmaga ozal hemmeleri aljyradan meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän şowly we netijeli gündür. Köp Sowurlarda ajaýyp pikirler dörär we bu ýyldyzyň wekilleri ertirden başlap olary amala aşyrmaga girişseler örän paýhasly bolar. Güniň ikinji ýarymynda  durmuşyňyzda möhüm orun tutjak bir adam bilen duşuşarsyňyz. Intuisiýaňyz  haçan başlangyç görkezmelidigini we özüňizi nähili alyp barmalydygyňyza kömek eder.Ýakynlaryňyz bilen dil tapyşmak aňsat bolar, olar siziň köp haýyşlaryňyza höwes bilen jogap bererler.

Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)

Hemme zat birden islegiňiz ýaly bolmaz. Ýöne siz barha ymtylýan zadyňyza ýetmegiň ýoluny taparsyňyz. Elbetde, munuň üçin zähmet çekmeli bolar, ýoluňyzda päsgelçilikler hem dörär, ýöne ähli synaglardan geçersiňiz. Sizi gowy tanaýan  adamlaryňyz size  höwes bilen kömege gelerler. Käbirlerinden hatda soramak hem gerek bolmaz. Güniň ikinji ýarymynda  ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza üns beriň.

Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün maliýe ýitgilerine eltjek ýalňyş kararlary bermek ähtimallygyňyz ýokary. Şonuň üçin duýdansyz söwdalardan gaça duruň. Öňünden meýilleşdirilen zatlary satyn almak has paýhasly bolar. Emosional ýagdaýyňyza üns beriň ujypsyz zatlara gaty çalt gaharyňyz gelip biler. Köp Seretanlara gündelik aladalardan daşlaşmak üçin gurşawy üýtgetmek ýa-da täze bir iş bilen meşgullanmak peýdaly bolar. Ýakynlaryňyzyň goldawyny duýmasaňyz gorkmaň olar bilen  açyk söhbetdeşlik köp zady aýdyňlaşdyrar. Günüň ikinji ýarymynda sizi gyzyklandyrjak peýdaly maslahatlar alarsyňyz.

 

Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)

Gün başda birneme içgysgyç ýaly görünse-de tiz wagtdan işe gyzygyp gidersiňiz we ilkinji üstünlikler uzak garaşdyrmaz. Bu gün köp sanly uşak-düşek meseleleri ýaltanman çözüp, dowam edýän ýa-da kyn görünen işleriňizi tamamlap bilersiňiz. Okuwda we intellektual zähmetde üstünlikler garaşýar. Döredijilikli Esetlere ylham geler. Maliýe meselelerini çözmek üçin hem amatly gün. Söwda bilen meşgullanmadyk Esetler özlerinde täze zehinleri açyp bilerler. Agşama çenli aragatnaşyk üçin amatly döwür  gyzykly duşuşyklar sizi garaşýar.

 

Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)

Ýyldyzlar telekeçilik meselesinde maýa goýumlaryna howlukmagy maslahat bermeýärler. Has amatly şertlere garaşmak gowudyr. Döwlet pudagynyň işgärleri karýerada bir basgançak ýokarlanmaga mümkinçilik alarlar. Günüň ikinji ýarymynda sünbüleler saglyklaryna seresap bolmalydyrlar. Kitap okamak ýa-da telewizoryň görüp dynç almak, gezelenç ýa-da ýeňil maşk bedeniňize zerur güýji berer we mundan soňky üstünlikler üçin sizi energiýa bilen doldurar.

 

Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün garaşmadyk kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin ýöne olary ýeňip geçmek siziň üçin kyn bolmaz. Kömek gerek bolsa günüň birinji ýarymynda köne dostlaryňyza ýüz tutuň. Öýde ýüze çykyp biljek düşünişmezliklerden we pul jedellerinden gaça durmak üçin konstruktiw garaýyşda boluň. Agşamara intuisiýaňyza aýratyn üns beriň  ol size geljeki ädimleriňiz barada dogry maslahat berer.

Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)

Köp zat şowly bolar! Köpden bäri meýilleşdiren niýetiňizi amala aşyrmak üçin amatly pursat. Ertirden işe girişen Akraplar çalt üstünlik gazanarlar. Köne gatnaşyklary dikeltmek we ýaraşmak üçin günüň birinji ýarymy örän amatly. Günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklar ugrunda oňyn üýtgeşmeler bolar. Ýalňyz Akraplara ýakymly tanyşlyklar we romantik gatnaşyklar garaşýar. Agşam eýýäm dörän jübütler üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolar.

Kowus (Keman 23.11 — 21.12)

Ýyldyzlar sizi goldaýar, şonuň üçin batyrgaý pikirleriňizi amala aşyrmakdan gorkmaň. Işe günüň birinji ýarymynda başlamak has gowudyr. Intuisiýaňyza gulak assaňyz  diňe bir netije gazanman  eýsem gymmatly maglumatlary hem alarsyňyz. Şowly ýagdaýlara bil baglaman öz güýjüňize daýanyň. Maliýe meselelerinde artykmaç çykdaýjylardan gaça duruň. Günüň ikinji ýarymy maşgala işleri üçin amatly. Siziň amaly çemeleşmäňiz töweregiňizdäkiler tarapyndan ýokary bahalandyrylar.

Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)

Maksadyňyza ýetmek üçin zähmet çekmeli bolarsyňyz. Garaşmadyk kynçylyklar ýüze çyksa-da, ýanyňyzda goldaw berjek adamlar bolar. Kyn we möhüm gürrüňler bolmagy ähtimal düşünişmezlik dörände emosiýalaryňyzy däl, paýhasyňyzy öňe çykaryň. Bu gün geleşikler baglaşmak üçin amatly. Satyn aljak zatlaryňyzy howlukman, birnäçe görnüşiň içinden saýlaň. Şahsy gatnaşyklarda bolsa intuisiýaňyz hemişe dogry netije bermän biler, şonuň üçin duýgulara däl hakykata esaslanyň.

Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)

Günüň başynda seresap boluň sizi duzaga düşürmäge synanyşýan adamlar töweregiňizde bolup biler. Täze tanyşlara ynam bildirmezden ozal seresap boluň. Günüň ikinji ýarymynda oňyn üýtgeşmeler bolar  döredijilikli pikirleri amala aşyrmak üçin ajaýyp wagt. Zehinleriňizi açyp ýa-da täze hobbi tapyp bilersiňiz. Agşam maliýe taýdan şowly bolar pul gelmegi ýa-da köne bergiňiziň yzyna gaýtarylmagy mümkin. Bu size meýilleşdirilmedik zatlary satyn almaga mümkinçilik berer.

 

Hut (Balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün aragatnaşyk üçin  amatly gün. Köne tanyşlaryňyza özüňizi ýatladyp gatnaşyklary dikeldip bilersiňiz. Käbir Hutlar görmegi köpden bäri isleýän adamlar bilen tötänleýin duşuşarlar. Intuisiýaňyz adamlar barada dogry netije çykarmaga kömek eder. Dostlukly ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlamagy mümkin, hatda bir görüşde söýgi hem bolup biler! Ýöne duýgulara berlip, möhüm maksatlaryňyzy unutmaň. Okuwda we döredijilikde üstünlikler garaşýar.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

02-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama