Her gün biziň kellämizde ençeme pikirler döreýär.Olaryň arasynda gyzyklylary we peýdalylary hem bar. Käwagt olar peýda bolşy ýaly, çaltlyk bilen ýadymyzdan çykýar. Şonuň üçin kellämize gelýän pikirleri kagyza geçirip ýetişmegi başarmaly.
Gündelik bolup geçýän wakalaryň arasynda pikirleriňiz ýitip gitmezligi üçin özüňize ýörite depderçe dörediň. Eger-de siz depderçä bellik edip bilmejek ýagdaýda bolsaňyz, onda eliňiziň aşagyndaky zatlardan peýdalanyň. El telelonyňyza, hat-da eliňize hem bellik edip bilersiňiz. Esasy, pikirleriňizi ýatdan çykarmazlykdyr. Şol bellikleriňizi soňra depderçä geçirmegi hem unutmaň.
Pikirler adama hiç hili ýok ýerden gelýän däldir. Her bir özboluşly pikir adamyň içki aňynyň, isleginiň, arzuwynyň netijesidir. Adamyň içki aňy bolsa öz pikir edişinden has köp maglumatlary saklaýar.
Köplenç, içki aňymyz düýşlerimiz arkaly biz bilen gürleşýär, biziň soragarymyza jogap berýär, pikirleri paýlaşýar. Şonuň üçin gije sagat 3- de oýanyp, kelläňe gelen pikiri başga adamlary oýarman kagyza bellemek üçin, ýanyňyza depderçäňizi alyp ýatyň.
Ýerliksiz görünse hem kelläňize gelýän ähli pikirleri ýazyň. Kagyzlaryňyzy ýyrtmaň we üstlerini çyzmaň. Bu gün siziň pikiriňiz ajaýyp görner, ertir ondan göwnüňiz geçer, bir hepdeden soň bolsa ol size berekedini eçiler. Seniň pikirleriňden haýsysynyň gerekli boljakdygyny anyklap bilmersiňiz. Wagtal-wagtal depderçäňize seredip, köne ýazgylaryňyzy okap görüň. Belki, olar size o diýen ýerliksiz görünmez.
Pikirleriňizi şu wagtdan ýazyp başlamaga girişiň. Siziň pikirleriňize üns bermeýänligiňiz sebäpli, belki, dünýä hemişelik hereketlendirijiniň nädip ýaşalyşyny ýa- da ähli dertleriň dermanyny bilýän däldir. Bu bolsa adamzat üçin uly ýitgidir.
Şirin Hanmämmedowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
