SPORT

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Zenit” topary Russiýanyň Superkubogy gazanmak ugrundaky duşuşykda “Krasnodar” topary bilen duşuşdy. Wolgograd şäherinde geçirilen duşuşykda “Zenit” topary 4:2 hasabynda utup, 5-nji gezek Naýbaşy kubogy eýeledi.

Bassyr 5 ýyldan bäri Russiýanyň Naýbaşy kubogyny eýeleýän “Zenit” topary mundan ozal, 2020-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda bu kubogy gazanypdy.

Soňky gezek Russiýanyň beýleki toparlaryndan “Lokomotiw” bu kubogy 2019-njy ýylda “Zeniti” 3:2 hasabynda utup, gazanypdy.

Russiýanyň futbol çempionatynyň täze möwsümi 20-nji iýulda başlaýar. Geçen ýylyň çempiony “Zenit” topary milli çempionata “Krylýa Sowet” topary bilen geçiriljek duşuşygy bilen başlar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler