Şu gün, 12-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde sanly ulgam arkaly gurnamagynda «Zenan eliniň çeperligi – haly, keşde, keçede» atly Halkara dialogy geçirildi.
Dialoga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň haly, keşde, keçe sungaty ulgamynyň tejribeli bilermenleri, hünärmenleri we görnükli alymlary gatnaşdylar.
Halkara dialogyna gatnaşyjylar üçin Arkadag şäheriniň wideo arkaly tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşlarynda ýurdumyzda haly, keşde, keçe sungatyny ösdürmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkara dialogynyň rus dilinde geçirilmegi bellärliklidir. Çykyşlarda ene-mamalarymyzdan miras bolup, asyrlar aşan milli keşdeçilik, halyçylyk, keçe sungatynyň döreýşi, görnüşleri, aýratynlyklary, nepisligi we gözelligi barada gyzykly maglumatlar ýaňlandy. Şeýle hem çeper elli zenanlaryň gudratly ellerinden döreýän ajaýyplyklaryň waspy ýetirildi.
Şu günki «Zenan eliniň çeperligi – haly, keşde, keçede» atly Halkara dialogy zenan dünýäsiniň söýgüsiniň, ýürek syrynyň beýan tapýandygyny ýene bir gezek subut etdi.