TESWIRLER

Zehinli çagalara sungat ojagy garaşýar

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli ugurlary we görnüşleri boýunça şu aşakdaky bölümlere zehinli okuwçylary okuwa kabul edýär:

  1. Türkmen milli saz gurallary (dutar, plektrli dutar), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 5, 6, 7-nji synpyna geçen çagalar.
  2. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (dep, klarnet), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 5, 6, 7-nji synpyna geçen çagalar.

Sungat mekdebinde okuwlar umumybilim berýän mekdepleriň okuwyndan daşary okadylýar.

Resmi iş kagyzlary 2020-nji ýylyň maý aýynyň 26-syndan iýun aýynyň 6-sy aralygynda Bagtyýarlyk etrap Medeniýet öýünde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  1. Bellenilen nusga boýunça arza.
  2. Dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürmesi).
  3. 3х4 ölçegdäki 6 sany fotosurat.
  4. Okaýan orta mekdebinden kepilnama we häsiýetnama.
  5. Saglygy barada kepilnama.

Okuwa kabul ediliş synagy 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 7-sinden 11-i aralygynda Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar sungat mekdebinde geçirilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Parahat ýaşaýyş toplumy, Ýeňiş seýilgähi köçesi, Medeniýet öýi.

Ýene-de okaň

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”

”Kaýda Watan ýurduň gardaş Abdylla”

Ata Watan Eserleri

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir