SIZDEN GELENLER

Zähmete minnetdarlyk güni

Ýaponiýanyň milli baýramçylyklarynyň biri bolan, “Zähmete minnetdarlyk güni” her ýylyň 23-nji noýabrynda ýurduň çäklerinde giňden bellenilýär. Bu günde ähli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň işgärleri resmi dynç alýarlar.

Bu baýramçylyk “Zähmete minnetdarlyk güni” ady bilen 1948-nji ýylda döredilýär.   Ilki başda taryhy taýdan “Täze hasyl baýramy” diýlip atlandyrylýar.  Oba hojalygynda hasylyň ýygnalmagynyň tamamlanmagy  bu  baýramçylygyň bellenmegine sebäp bolýar.

Häzirki wagtda bu baýramçylyk zähmet bilen baglanyşykly geçirilýän ähli çäreleriniň dürli görnüşlerini özara birleşdirýär. Bu günüň esasy maksady zähmete hormat goýmak bolup durýar. Şeýle-de,  ýaponlaryň  jemgyýeti ösdürmekde bitiren işleri we jemgyýetiň ösüşinde halkyň beren  ähli kömekleri üçin birek-birege çäksiz minnetdarlyk bildirýärler.

Oba hojalyk işgärleriniň baýramçylygy mynasybetli şeýle çäreler ýurduň köp ýerlerinde uludan bellenilip  geçirilýär. Ýerli  we uly ybadathanalara daýhanlar täze ýyl hasylynyň  böleginden tüwi, gök önümleri, täze bişirilen kökeleri ýanlary bilen getirýärler.

Baýramçylyk günlerinde, adatça, 23-nji noýabrdan bir hepde öň, oba hojalyk önümleriniň, maşynlaryň, zähmet gurallarynyň, ösümlikleri goramakda himiki serişdeleriň, oba hojalygyna zerur bolan ähli zatlaryň, şeýle hem bu ugurdaky ylmy-tehniki ösüşler barada täze kitaplaryň sergileri gurnalýar.

Sergileriň ahyrynda oba hojalygynyň ösüşine goşant goşan döwlet işgärleri hem-de daýhanlary ýurduň oba hojalygy ministri tarapyndan degişli baýraklar bilen sylaglanýarlar.

                                         Medetmuhammet Ballyýew,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

             Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

hukugy fakultetiniň talyby.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury