JEMGYÝET

Zähmet haklary ýokarlandyrmak: 2021-nji ýylyň býujeti

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2021-nji ýylyň döwlet býujetiniň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça hünärmenleriň çaklamasyna görä, ykdysady babatda geljek ýylyň hem şu ýyl ýaly çylşyrymly bolmagyna garaşylýandygyny belledi. Şoňa görä-de, täze ýylyň býujetini ähli meseleler boýunça düýpli seredilmegini tabşyran milli Liderimiz bu işler tamamlanandan soňra 2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberiljekdigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylyň döwlet býujetinde esasy zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmeli we beýleki birnäçe durmuş tölegleriň möçberlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem her şäher we etrapda maýyplar we mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny dowam etdirmek üçin serişdeleri hökmany göz öňünde tutmalydygyny belledi.

2021-nji ýylda döwlet býujetiniň maliýe serişdeleriniň uly böleginiň bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny ösdürmäge gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna hem serişdeler goýberiler.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi