Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşiklerdir aýdym-sazly dabaralar guralýar. Düýn gözel paýtagtymyzdaky «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan gelin-gyzlar 7 ugur boýunça bäsleşdiler. Zenanlaryň köpugurly ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşige dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň ýeňijileri:
- «Ýylyň işewür zenany» – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandursun Orazmuhammedowa.
- «Ýylyň çeper elli zenany» – Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Habiba Hojaniýazowa.
- «Ýylyň sungatda işjeň zenany» – Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa.
- «Ýylyň mährem zenany» – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa.
- «Ýylyň watançy zenany» – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Harby talyplar batalýonynyň aýratyn harby talyplar rotasynyň serkerdesi Tawus Tagandurdyýewa.
- «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Ogulbibi Dädäýewa
- «Ýylyň telekeçi zenany» – Aşgabat şäherindäki «Zybagözel» Milli modalar öýüniň ýolbaşçysy Zybagözel Hydyrgulyýewa.