MEDENIÝET

«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

 “Gülzemin” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda, zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet derejesine saýlanan zenanlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetde alyp barýan işlerine degişlilikde, 7 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi. Netijede:

  • «Ýylyň zenany» atly bäsleşikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatyndan Şemşat Kerimowa «Ýylyň işewür zenany»,
  • «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherinden Jennet Agaýewa «Ýylyň çeper elli zenany»,
  • «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatyndan Jennetgül Garajaýewa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»,
  • «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäherinden Enar Agaýewa «Ýylyň mährem zenany»,
  • «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatyndan Maýagözel Amanýazowa «Ýylyň watançy zenany»,
  • «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatyndan Bajy Ojarowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»,
  • «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatyndan Gülnar Muhammetgeldiýewa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
  • «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar Hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi