SPORT

“Ýylyň türgeni” – Lebron Jeýms

Amerikanyň “Time” žurnaly tarapyndan “Ýylyň türgeni” derejesine basketbolçy Lebron Jeýms mynasyp boldy. Bu barada neşiriň internet sahypasynda bellenilýär.

Neşiriň habar bermegine görä, Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” toparynyň hüjümçisi Lebron Jeýms abraýly derejä mynasyp boldy. Ol türgne bolmak bilen bir hatarda ýurduň syýasy jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşýar. Şu gezekki prezident saýlawlarynda ýaşlaryň saýlawlara gatnaşmagy üçin tagalla etdi.

Mälim bolşy ýaly, Lebron şu ýylyň oktýabr aýynda NBA-niň iň gymmatly oýunçysy hökmünde saýlandy. Ol assosiasiýanyň 4 gezek çempiony. Iki gezek “Maýami” toparynyň hem-de “Kliwlend” hem-de “Leýkers” toparlarynyň düzüminde bir gezek çempion bolmagy başardy. Ol final tapgyrlarynda 4 gezek iň gymmatly oýunçy boldy. Şeýle hem dürli toparlar bilen bu baýraga mynasyp bolan ilkinji basketbolçydyr.

Şeýle derejä mundan ozal 6 gezek Maýkl Jordan ýetipdi.

Täleýnama Sahypamyz

 

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler