Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň maksady estrada aýdymçylaryň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini barada giňişleýin maglumat Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdi.
