SPORT

Ýylyň ökde futbolçylary

Şweýsariýanyň döwlet telewideniýesi “RTS”-iň Ženewa şäherindäki studiýasynda geçirilen dabarada, UEFA Çempionlar ligasynda 2020-2021 futbol möwsüminiň toparlaýyn tapgyra gatnaşmak üçin toparlaryň atlary kesgitlendi, şeýle hem geçen möwsümde tapawutlanan oýunçylara baýrak gowşuryş dabarasy hem geçirdi.

Çempionlar ligasynyň baýraklary:

Geçen möwsümiň iň gowy oýunçysy adyna:

Ýylyň oýunçysy baýragyna geçen ýyl Çempionlar ligasynda çempion bolan “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski mynasyp boldy. Özüniň futbol karýerasynda ilkinji gezek bu baýragy alan we geçen möwsümiň iň gowy hüjümçisi hökmünde saýlanan Robert Lewandowski, 15 gol bilen Çempionlar ligasyny üstünlikli tamamlady. Indi bolsa futbol janköýerlerini geçen ýyl futbol möwsüminde, meýdançada eýeleýän wezipeleri boýunça iň gowy oýunçylary size hödürleýäris.

Geçen möwsümiň iň gowy erkek oýunçylaryna we zenan oýunçylaryna berlen baýraklar:

  1. Iň gowy derwezeçi: Manuel Noýer (“Bawariýa”), Sara Buhaddi (“Olimpik Lion”)
  2. Iň gowy goragçy: Joşua Kimmih (“Bawariýa”), Wendi Renard (“Olimpik Lion”)
  3. Iň gowy ýarymgoragçy: Kewin de Bruýne (“Mançester Siti”), Zenifer Marozsan (“Olimpik Lion”)
  4. Iň gowy hüjümçi: Robert Lewandowski (“Bawariýa”), Pernil Harder (“Wolfsburg-Çelsi”)
  5. Iň gowy tälimçi: Hensi Flik (“Bawariýa”), Žan-Luk Wasser (“Olimpik Lion”)
  6. Iň gowy oýunçy: Robert Lewandowski (“Bawariýa”), Pernil Harder (“Wolfsburg-Çelsi”)

Galatasaraý toparynda çykyş eden Kot-d’Iwuar döwletiniň öňki ýyldyz hüjümçisi Didier Drogba, futbola goşan goşandy üçin UEFA prezidentiniň baýragy bilen sylaglandy.

UEFA guramasynyň geçen möwsümlerde “Iň gowy oýunçy” adyna mynasyp bolan oýunçylar:

2019/20 ─ Robert Lewandowski (“Bawariýa” we Polşa)

2018/19 ─ Wirjil wan Daýk (“Liwerpul” we Niderlandiýa)

2017/18 – Luka Modriç (“Real Madrid” we Horwatiýa)

2016/17 ─ Kristiano Ronaldo (“Real Madrid” we Portugaliýa)

2015/16 – Kristiano Ronaldo (“Real Madrid” we Portugaliýa)

2014/15 ─ Lionel Messi (“Barselona” we Argentina)

2013/14 – Kristiano Ronaldo (“Real Madrid” we Portugaliýa)

2012/13 ─ Frank Riberi (“Bawariýa” we Fransiýa)

2011/12 ─ Andres Iniesta (“Barselona” we Ispaniýa)

2010/11 ─ Lionel Messi (“Barselona” we Argentina)

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Katar 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler

“Mançester Ýunaýted” täze hüjümçisini hödürledi

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Ata Watan Eserleri

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy