JEMGYÝET

Ýyladyşhanalardan bol hasyl alynýar

Öz işlerini Lebap welaýatynyň çäklerinde alyp barýan hususyýetçiler pomidor, hyýar, badamjan, bolgar burçy, ýer tudanasy ýaly gök ekinleriň dürli görnüşlerini öndürip, içerki we daşary bazara ugradýarlar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Häzir welaýatda ýyladyşhana şertlerinde gök önüm öndürýän telekeçileriň 20-den gowragy bar. Olarda alynýan hasylyň mukdary hem göwnüňi göterýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi tarapyndan berilýän maglumata görä, «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň Çärjew etrabynyň çägindäki 2,5 gektarlyk ýyladyşhanasyndan 300 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, önümiň 105 tonnasy daşary ýurtlara eksport edildi.

«Bereket gurluşyk» hususy kärhanasynyň (Saýat etraby) 0,25 gektarlyk ýyladyşhanasynda bolsa 6 tonna pomidor, ýene-de şonça mukdarda hyýar we 3 tonna bolgar burçy ýygyldy we içerki bazarda ýerlenildi.

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada 72, Ruslan Borjakowyň ýyladyşhanasynda 73 (ikisi hem Çärjew etraby) tonna pomidor hasyly ýygnaldy.

«Altyn gül» hususy kärhanasynyň Dänew etrabyndaky ýyladyşhanasyndan alnan pomidor hasyly bolsa 100 tonnadan hem geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şweýsariýa gynanç bildirdi

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy