Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şu jähetden, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler örän guwandyryjydyr. Munuň özi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine çalt depginler bilen goşulyşmagyna hem-de dünýä hojalygyndaky ornuny has-da pugtalandyrmagyna mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir. Bu resminamalar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda täze ösüşlere badalga bolan belent maksatlardyr anyk wezipeleri özünde jemleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda täze maksatnamalara laýyklykda, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder.
Türkmenistanyň demir ýol ulagy ulgamy güýçli depginde ösdürilýär hem-de ýolagçy we ýük gatnawlarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary tizlikli awtomobil we demir ýollaryň müňlerçe kilometri çekildi, halkara ulag düzümleri döredilýär. Häzirki wagtda Gazagystanyň, Kataryň we Hindistanyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine birikmekleri bilen baglylykda bu ugurlar boýunça gatnawlary işjeňleşdirmek, synag ýük gatnawlaryny guramak, bökdençsiz ýük daşamalary üpjün etmek üçin ýüze çykýan meseleleri çözmek maksady bilen, milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtomobil, demir ýol ulaglary bilen ýükleri daşamagy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlar boýunça ýolagçy we ýük gatnawlarynda bu pudaga aýratyn orun degişlidir. Howa menzillerinde döwrebap ulag geçelgelerini döretmek hem-de olaryň netijeli ulanylmagy döwlet Baştutanymyzyň awiasiýa pudagynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Häzirki wagtda daşary ýurtlar bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler geçirilýär, munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň we beýlekileriň gurluşygy dowam etdirilýär.
Medine Akgaýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.