JEMGYÝET

Ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy

2021-nji ýylyň 10-njy martynda paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan halkara we milli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan ýurduň türgenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa ýurduň tapawutlanan türgenlerini sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyny okady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Mejlisiň Başlygy döwlet sylaglaryny gowşurdy. Şunlukda, türkmen agyr atletikaçysy Ýulduz Jumabaýewa “Watana bolan söýgüsi üçin” medal hem-de Lexus LX 570 Sport Plus kysymly awtoulag bilen sylaglandy, şeýle-de Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika kafedrasynyň mugallymy Meretguly Sähetmyradowa “Watana bolan söýgüsi üçin” medal we täze jaýyň açary gowşuryldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew “Gaýrat” medaly bilen sylaglandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sport diplomatiýasyny işjeň durmuşa geçirýär. Ýurtda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň ösüşine aýratyn üns berilýär.

Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýulduz Jumabaýewa “altyn” medalyna mynasyp boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi