MEDENIÝET

Ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan sahna oýunlary görkeziler

1-njy sentýabrdan ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlary görkeziler diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Bu pikiri çeper döredijilige, medeniýete, sungata aýratyn gadyr goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz öňe sürdi.

Şeýle-de alym Arkadagymyz gürnaljak teatr sahnalaryna okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Ýetip gelýän uly toýuň – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bosagasynda, ýurdumyzyň teatrlarynda beýik akyldar bilen baglanyşykly sahna oýunlaryny görkezmek pikiri örän ýerlikli boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi