MEDENIÝET

Ýurdumyzyň sungat ussatlary Mary welaýatynda konsert bererler

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp konsertleri bilen çykyş ederler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

17-nji dekabrda geçiriljek konsertlerde Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewa, Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Oramadow, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijileri Serdar Çaryýew, Gülşirin Öwezmämmedowa, Gurbangeldi Ataýew dagy özleriniň diňleýjileriň söýgüsini gazanan, şol sanda Täze ýyl baýramy mynasybetli taýýarlan täze aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy