SPORT

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmen samboçylary Minskde geçirilýän Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşyň birinji gününde ikisi kümüş, 4-si bürünç bolmak bilen alty medal gazandy.

Iki günüň dowamynda belarusly, ermenistanly, bolgariýaly, germaniýaly, gyrgyzystanly, russiýaly, täjigistanly, türkmenistanly we özbegistanly iki ýüzden gowrak türgen erkekler we zenanlar sport sambosynyň, şeýle hem erkekler söweş sambosynyň hersi üçin ýedi toplum bolmak bilen, jemi 21 medal toplumy ugrunda bäsleşýär.

Türkmenistanyň toparynda söweş sambosynda kümüş medallara geçen ýylky ýaryşda altyn medal gazanan Agasapar Muhadow (79 kg çenli) we Suhan Öwezgeldiýew (98 kg çenli) dagy mynasyp boldy. Begenç Baltaýew (79 kg çenli) göreşiň bu görnüşinde bürünç medaly gazanmaga başardy.

Toparymyz üçin ýene üç bürünç medaly, 50 kilograma çenli agram toparyndan Aziza Nazarowa we Aminat Guwanowa, 59 kilograma çenli agram toparyndan Merjen Joraýewa dagy zenanlar sport sambosyndan getirdi.

Sport köşgünde geçen ýaryşyň soňky gününde sambo pälwanlary on agram toparynda ýeňijileri kesgitlärler.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky halkara sambo ýaryşy 1997-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geçen ýyl bu ýaryşda ildeşlerimiz 15 medal gazandy – 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç.

Amaly ähmiýete eýe bolan sambo harby we hukuk goraýjy edaralarda diýseň meşhurdyr. Sportuň bu görnüşi 2021-nji ýylyň 20-nji iýulynda Halkara olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Tokioda (Ýaponiýa) geçen nobatdaky mejlisinde Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi.

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy