DÜNÝÄ

Ýurdumyzyň käbir raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda

Ata Watanymyz ähli ugurlarda buýsandyryjy netijeleri gazanyp, Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara besleýär. Agzybirligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň mekanyna öwrülen güneşli Diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünlikleri, ýeten  belent sepgitleri, dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan oňyn Bitaraplyk daşary syýasaty bilen bütin dünýäde uly abraý-hormata eýe bolýar.

Garaşsyz ýurdumyzda gazanylan ýeňişlerde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzdan galan milli däplerimize laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesil uly işleri bitirýär. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli her başlangyja olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde hem hormatly ýaşulularymyz netijeli işleri alyp barýarlar.

Uly özgerişlere beslenip, barha öňe barýan agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlaryny ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Nuryýewiç Orazowa,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Annaberdi Gulmyradowa,

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Aşgabat şäherindäki Hezreti Osman metjidiniň baş ymamy Sadyk Nepesowiç Sähetowa,

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Orazguly Karataýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Çarygeldi Aşyrowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman bakteriology Saparmyrat Jotdyýewe,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kürengala geňeşliginiň Kürengala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Tagandurdy Tekäýewiç Öwezberdiýewe,

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirliginiň 35000m3 deňiz suwuny süýjediji desgasynyň sakçysy Şadurdy Mämmetgylyjowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Tagangeldi Işangulyýewe,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbanmämmet Gurbannazarowiç Eşerowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Kamil Sadullaýewiç Rozmetowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Annagara obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Jummulowa,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Garaporsaň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Annageldi Nazarowiç Gurbanseýidowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepguly Meretgulyýewiç Öwezowa,

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýkuly Babakulyýewiç Ereşowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Hojalyk geňeşliginiň Çandyr obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kurbanbaý Rozybaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýewe,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň J.Atajanow adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Begmuhammet Annanurowiç Hojaberdiýewe,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Söýünalybedeň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazar Nuryýewiç Hojiýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Pakistanyň Deňiz ministrligine bardylar