Türkmenistanyň käbir gazetlerinde baş redaktoryň orunbasary wezipesi ýapyldy. Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi. Wise-premýer M.Mämmedowanyň Hökümetiň Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde beren hasabatynda bellenilişi ýaly, bu resminama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, işlenilip taýýarlanyldy.
Mejlisde milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, baş maksady mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan durmuş syýasatyny amala aşyrmakda, şeýle hem baý ruhy we medeni mirasymyzy öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.
Şu işlerde multimediýa žurnalistikasynyň usullaryny we amallaryny, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen tejribe alşylmagyny giňeltmek zerur diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeler berdi.
Milletiň Lideriniň gol çeken resminamasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.