SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Derman senagatynyň ösdürilmegine ýurdumyzyň işewürleri hem saldamly goşant goşýarlar. Şu gün açylýan täze desga munuň aýdyň mysalydyr. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.

Bir gatly binada müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, ammar jaýy göz öňünde tutulypdyr. Täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleridir enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenilýär.

Arakesmesiz we dynç günsüz sagat 7:00-dan 23:00-a çenli işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy lukmanlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär. Bu ýerde müşderiler üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Hususan-da, dermanhanada döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, olar sanly ulgama birikdirilendir. Satyn alnan harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirip bolýar. Mundan başga-da, bu ýerde sorag-jogap gullugy guralypdyr, eltip bermek hyzmatyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy