Şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň iri iki banky – Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy. Bu ajaýyp binalar paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlup ulanmaga berildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň iri maliýe düzümleriniň täze binalarynyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.
“TÜRKMENBAŞY” DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY
Milli Liderimiz ilki bilen Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, bankyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bankda täze sanly tehnolgoýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işleri has ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredildi. Sanly ulgam müşderilere öz amallaryny uzak aralykdan dolandyrmaga, dürli amallary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasabyndan maglumatlary elektron görnüşde almak ýaly köp işleri ýerine ýetirmek mümkin.
Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Maliýe edarasynyň binasynda köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy bardyr. Bank işgärleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderileri kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýär.
Häzirki wagtda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň gullugy we 23 sany şahamçalary tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär we 600 müňden gowrak müşderilere hyzmat edýär. “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär.
“SENAGAT” PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY
Soňra milli Liderimiz «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bankyň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden ybarat bolup, A toplumda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. Birinji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2-nji we 11-nji gatda iş otaglary bar. B toplumda 2-nji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär, şeýle hem bu ýerde gazna, 136 orunlyk naharhana, we beýleki otaglar bar.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzyň öňdebaryjy paýdarlar täjirçilik banklarynyň biridir. Bankyň ýurdumyzda 13 şahamçasy we bank gullugy işjeň hereket edýär. Bank ilkinjileriň biri bolup, kii we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady. Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerdäki kärhanalar, bilelikdäki karhanalar we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri peýdalanýar.