JEMGYÝET

Ýurdumyzda Oraza baýramynyň hormatyna Baýram namazy okaldy

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda paýtagtymyzda aýlaryň ýagşysy hasaplanylýan mübärek Remezan aýynyň tamamlanmagynyň hormatyna Baýram namazy okaldy. Milli senenamamyzda Oraza baýramy hökmünde möhüm orun eýeleýän bu sene halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelere we ýagşy dessurlara ygrarlydygyny aňladýar. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde Oraza baýramynyň hormatyna okalan Baýram namazy mähriban halkymyz üçin ähmiýetli bolan dessur çäreleri bilen utgaşdy.

Ir säher bilen adamlar metjitlere ýygnanyp, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we mübärek Oraza baýramy bilen gutladylar. Şeýle hem Remezan aýynda berjaý edilen amallaryň, berlen agzaçar sadakalarynyň we doga-dilegleriň kabul bolmagy dileg edildi.

Şeýle hem asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň dowamata atarylmagy Oraza aýynyň sahabatly günlerinde we Baýram namazy pursatlarynda edilen tagat-ybadatlaryň, berlen sadakalaryň, halkymyzyň agzybirligi, mähriban Watanymyzyň berkararlygy dileg edilip okalan doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider