Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda güýz paslynyň gelmegi bilen ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we bu babatda ugurdaş düzümler bilen birlikde ýerine ýetirilýän işler barada hasabatlar diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna bagly ýagdaýlaryň täsirine garşy mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleler barada aýtdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamagyň meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli düzümleriň bilelikde iş alyp barmagynyň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ilata ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek meselelerine seredilmegini aýtdy. Aşgabat şäheri boýunça ýolagçy gatnawyny amala aşyrýan jemgyýetçilik ulaglarynyň sanyny zerurlyga görä köpeltmeli hem-de toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirilmelidigini belledi.
Dünýäde koronawirus ýokanjynyň bar döwründe onuň ýurdumyza getirilmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly çäreleri güýçlendirmek, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, beýleki edara-kärhanalarda alnyp barylan göreş çärelerini talabalaýyk guramak, sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmek maksady bilen bu ugurda halkara tejribesini öwrenmek esasynda degişli kanunçylyga seljerme işleirni geçirmeli hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak zerur hasaplanýar.