6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi we ondan 400 müň tonna guşgursak hasyly almagy maksat edinýän Ahal welaýatynyň daýhanlary ekişe ýokary taýýarlykly geldiler.
Balkan welaýatynda şu ýyl 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek orak möwsüminde azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasylyny almak maksat edinilýär. Kuwwatly traktorlaryň 125-sine erk etjek mehanizatorlar iki çalşykda işläp, möwsümiň öz möhletinde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder.
Şu ýyl Daşoguz welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Lebap welaýatynda bolsa, 130 müň gektar ýere bugdaý tohumy sepiler. Şunça ýerden geljek tomusda 310 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Mary welaýat häkimliginde güýzlük bugdaý ekişini gysga möhletde, ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly ýörite maslahat guraldy. Onda edilen çykyşlarda 2024-nji ýylyň hasyly üçin welaýat boýunça 170 müň gektarda bugdaý ekişini geçirmegiň meýilleşdirilýändigi, öňde goýlan maksada ýetmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi aýdyldy.
