JEMGYÝET

Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berler

Hormatly Prezidentimiz  Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bissimilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň senagat üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirjekdiklerine ynam bildirdi.

23-nji mart hem dynç alyş güni

Related posts

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Azerbaýjanyň ministrini kabul etdi

Türkmenistan tebigy gazyny Hytaýa ibermek üçin täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar