JEMGYÝET

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli tanymal aýdymçy we aktýor Murat Boz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. 11 ýyllyk arakesmeden soň ýurdumyza ikinji gezek gelen meşhur ýyldyz Aşgabat we onuň gözelligi, hoşniýetli adamlaryň özünde galdyran täsirleri hakynda gürrüň berdi.

“Ata Watan Media” topary, şeýle hem ýerli metbugat wekilleri bilen söhbetdeş bolan Murat Boz şeýle ajaýyp konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdara çäksiz sagbolsun aýdyp,  Türkmen halkynyň Milli Liderini, hormatly Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ähli türkmen halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ol Türkmenistana ikinji gezek gelýändigini belläp, her gezek geleninde özüni ata Watanynda kimin duýýandygyny uly buýsanç bilen belledi.

– Türkmenistana ikinji saparym. Men her gezek gelýändigime örän begenýärin. Türkmen halky meni öz Watanymda ýaly duýmaga giň mümkinçilikler döredýär. Türkmenistanyň halky meni öz ogly, dosty we dogany hökmünde garşy alýar. Şeýle hem, men Türkmenistany öz Watanym kimin görýärin. Aşgabat şäher gaty owadan, Türkmenistan ajaýyp ýurt. Hormatly Prezidentimiz ýurdy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýaşasyn Türkmenistan – diýip, belledi.

Şeýle hem ol özüniň sungata aralaşmagy babatda gürrüň berip, çagalyk döwründe futbola has köp gyzyklanma bildirendigini, ýöne käbäsiniň kömek-goldawlary bilen aýdymçy bolandygyny belledi.

Türkiýäniň halkynyň ýakyndan goldawlary netijesinde uly meşhurlyga eýe bolandygyny bellän Murat Boz geljekde-de bu ugurda tagalla etjekdigini belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär