SPORT

“Ýüpek ýoly” rallisine ähli ýurtlaryň türgenleri çagyryldy

Şu ýylyň 6-15-nji iýuly aralygynda Kazan-Moskwa ugry boýunça “Ýüpek ýoly-2023” atly halkara awtorallisi geçiriler. Üstümizdäki ýyl bu ralli ýaryşyna islendik döwletiň türgenleriniň gatnaşyp biljekdigi mälim edildi. bu barada “Ýüpek ýoly” awtorallisiniň guramaçysy Wladimir Çagin belledi.

– Biz ähli döwletlerden türgenlere garaşýarys. Geliň, gatnaşyň, biz gaty hoşal bolarys we myhmansöýerlik bilen garşy alarys. Häzirki wagtda ýüz tutmalayr kabul edip başladyk, gatnaşyjylar bilen gepleşikler geçirýäris. Hemmelere garaşýarys – diýip, Çagin mälim etdi.

6-15-nji iýul aralygynda geçiriljek bu awtorallisi Russiýa Federasiýasynyň 13 subýektiniň üstünden geçer.

– Ilkinji gezek, bu ralli ýaryşyna Ural daglarynyň owadan we ajaýyp sebitleri goşuldy. Olar – Orenbugr we Çelýabinsk oblastlarydyr. Şeýlelikde, rus we daşary ýurtly türgenlere Russiýanyň ajaýyp künjekleri bilen tanyşmaga mümkinçilik bereris. bu hem taslamanyň esasy wezipeleriniň biridir – diýip, guramaçy belledi.

“Ýüpek ýoly” awtorallisi – awtosport ýaryşy bolup, 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bu awtoralli Russiýanyň, Hytaýyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Gazagystanyň çäklerinde geçirildi.

2022-nji ýyldaky awtoralli imperator Pýotr I doglan gününe bagyşlanyp geçirildi we oňa 20 döwletden 80 türgen gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri