JEMGYÝET

Ýükleri daşamak işinde sanly ulgam

Demir ýol ulaglary pudagynda edilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin “elektron petekleri” programma üpjünçiliginiň işe girizilendigini, munuň bolsa internet saýtynyň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen petekleriň satuwyny nagt däl hasaplaşyk arkaly guramaga mümkinçilik berýändigini habar berdi.

Ýurdumyzyň demirýol ulaglary pudagynyň ulag-logistika düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň işinde elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ýükleri daşamak işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin täze döwrebap programma üpjünçiliginiň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy we onuň synag işleri geçirildi.

Demir ýollaryň ýük gatnawlaryndan peýdalanylýan müşderiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinde eksport-import söwda gatnaşyklaryny we üstaşyr ýükleriň daşalmagyny guraýan kärhanalar onlaýn usulda “şahsy otaglaryň” üsti bilen dünýäniň islendik künjeginden ýüz tutma arzalaryny berip bilerler.

 

Gant şugundyrynyň 224 müň tonnasy öndüriler

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri