JEMGYÝET

Ýubileý konserti

27-nji noýabrda sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nemes kompozitory Lýudwik Wan Bethoweniň 250-ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertiň dowamynda Merdan Çaryýew, Emir Baýramgeldiýew, Maýa Gulaýewa, Bahar Durdyýewa, Kakageldi Hojageldiýew, Bahram Dolyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow,  Halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa, Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa ýaly ussat sazandalar L. W. Bethoweniň döredijiliginden birnäçe ajaýyp aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly agşamyň ahyrynda ady agzalan ýokary okuw jaýynyň mugallymy Tahyr Ataýewyň ýolbaşçylygyndaky kirişli orkestriniň ýerine ýetirmeginde ussat kompozitor L. W. Bethowen tarapyndan ýazylan rus kwartetlerine degişli bolan Knýaz Razumowskä bagyşlanan Kwartet №9 3 we 4-nji bölümleri ýaňlandy. Konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar uzak wagt dowam eden el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi