BIZNES

ÝTÖB: telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ÝTÖB wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen geçirilen iş duşuşygynda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan munisipal taslamalaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri we ýurtda maliýe bazarlaryny ösdürmek babatynda bankyň berip biljek ýardamlary baradaky meseleleri ara alnyp maslatlaşyldy.

Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, edaranyň degişli müdirlikleriniň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem taraplar, kiçi telekeçilik taslamalaryny, şol sanda türkmen telekeçiligi üçin täze ugurlary maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynda has aýdyň işjeňleşendigi barada nygtalyp geçildi. ÝTÖB, TSTB-niň agzalarynyň dürli pudaklardaky birnäçe taslamalaryny maliýeleşdirdi.

Fatih Türkmenoglu, bankyň maliýe we maslahat beriş hyzmatlary arkaly işewürligiň ösmegine, durnukly we açyk bazar ykdysadyýetini gurmaga ýardam etmek maksady bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny belledi.

 

«Ahal»-yň ýeňşi baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy. «Altyn Asyr» bolsa…

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder