DÜNÝÄ

ÝTÖB Derweze kraterindäki ýanýan gazy söndürmäge goldaw bermekçi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Ol öz hatynda ýolbaşçylyk edýän bankynyň Derweze kraterinden çykýan CO2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek boýunça goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Hususan-da, bu hatda şeýle diýilýär:

– Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň adyndan Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary we bu ugra ygrarlydygy üçin hoşallygymy beýan edýärin, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Glazgo şäherinde geçirilen COP-26 çärelerinde eden resmi çykyşynyň dowamynda habar berdi.

Biz Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Milli strategiýasyny hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etmek arkaly milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýeten sepgidini goldaýarys.

Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň Derwezede ýanyp duran gaz krateriniň meselesine ünsi çekmek babatda ýakynda kabul eden çözgüdi bizde uly gyzyklanma döretdi. Size mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019 — 2024-nji ýyllar boýunça ýurt strategiýasynda suwuň, topragyň we howanyň hapalanmagynyň, serişdeleriň zaýalanmagynyň hem-de daşky gurşawa, adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän zyýanly himiki maddalaryň peýdalanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen maýa goýumlara ileri tutulýan artykmaçlyk berilýär.

Şu maksat bilen, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ugurdaş gazyň ýakylyşyny azaltmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň (GGFR) ýörelgelerine laýyklykda, ýakylýan ugurdaş nebit gazynyň hem-de ýokary göterilýän zyňyndylaryň azaldylmagyna gönükdirilen seçip alma tertibindäki maýa goýumlary we maslahat hyzmatlaryny bermek üçin mümkinçilikleri gözlemegi dowam edýär.

Biziň ýurt strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ugurdaş gazyň ýanyşyny bes etmegiň mümkin bolan tehniki we ykdysady usullaryny öwrenmekde Türkmenistana goldaw bermäge gyzyklanmamyzy beýan etmek isleýäris.

Biz Türkmenistanyň Hökümetine Derweze kraterinden çykýan CO2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin hemaýat serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçiliklerini öwreneris.

Ýewropanyň  täzeleniş we ösüş banky türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki tabşyrygy taýýarlap, öwrenmek üçin maddany seçip alyp hem-de ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, barlaglary geçirmekde ähli bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip bilerdi.

Biz islendik amatly wagtda onlaýn duşuşyk arkaly Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň bu işlere geljekde gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

 

Russiýa Türkmenistandan pomidor importyny artdyrýar

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi