DÜNÝÄ

Ysraýylyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolýar we bu ýerde birnäçe gepleşikler geçirýär. Şu gün agşam Ysraýylyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana geler.

“The Times of Israel” neşiriniň habaryna görä, Eli Koen soňky 30 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletine sapara bilen gelen ilkinji Ysraýylyň daşary işler ministri bolar.

Ministr Koen saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Şeýle hem Ysraýylyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Eli Koen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de oba hojalyk ministri bilen duşuşyklar geçirer.

Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri Aşgabatda on ýyl mundan ozal açylan wagtlaýyn diplomatik wekilhana iş alyp barýar.

 

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri