SIZDEN GELENLER

Ysmanagyň peýdasy

Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýänleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu birýyllyk otjumak ösümligiň ýabany we bakja görnüşleri bardyr. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy ýagdaýda gögerýär.

Lukmanlar hem-de bilermenler ysmanakda kaloriýa azdygyna garamazdan, onuň dürli süýümlere we beloklara baýdygyny belleýärler.

Ysmanak öz düzüminde köp sanly witamini birleşdirýär: olar C, E we K, B witaminler topary. Şeýle hem bu ösümlik kaliý, kalsiý, magniý we marganese baý. Şonuň üçin ol adamlaryň süňküniň berkemegine, ýürek-damar ulgamynyň kadalaşmagyna, immunitetiň ýokarlanmagyna we deri üçin peýdaly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ösümlikden peýdalanmak has zerur bolmagynda galýar.

Ysmanak 100-den gowrak fitohimik minerallaryň çeşmesidir. Ysmanagyň düzümindäki betain dürli fiziologiki proseslerde möhüm rol oýnaýar, hususan-da, bagyr kesellerinde oňat öňüni alyş we bejeriş täsirine eýedir.

Şeýle hem ysmanak karotinoidleriň, lýuteiniň we zeaksantiniň möhüm çeşmesidir. Bu maddalar gözüň, deriniň, ýüregiň we içegäniň işlemegi üçin örän möhümdir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maslahatyna görä, her gün azyndan 400g miwe we gök önümlerini iýmek maslahat berýär. Ysmanagyň ýekeje özi adamyň gündelik kabul etmegi maslahat berýän gök önümleriň we miweleriň möçberini özünde jemlemegi bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, ysmanagy terligine iýmek maslahat berilýär.

Amanmuhammet Meredow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Haýwanat dünýäsinden…

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty