HEKAÝALAR

Ýowuz gözellik (hekaýa)

Gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp, obamyz ýazlaga çykdy. Bu indi meniň harplygy okap gutaranymdan soň, ilkinji ýola ýazlaga çykyşymdy. Gaty ýadap, ýaza ýetilendenmi, nämemi, hemmeler tebigat bilen bile ýylgyrýardy. Bardy-geldi garagollyk edäýseňem, saňa ýylgyryp, ýumşak käýeýärdiler. Ogulla ýaly ulugyzlara-da, „Töweregine garanjaklaman ýüzüňi aşak salyp ýöre“ diýlenok. Hatda Baltagam bilmezlikden kimdir brine üýräýse, käýelmän, onuň zor it bolup ýetişjekdigi aýdylýardy.

Meni ol zatlardan beter, Üpük gojanyň gürrüňini edýän ýaýlamyzdaky goragçy ýylanlar gyzyklandyrýardy. Goja olaryň öňräkden bäri şu töwerekde ýaşaýandygyny, şunça ýyl goňşy bolsalaram, oglan-uşag-a däl, mal-gara-da zeperini ýetirmän gelýändiklerini, gaýtam, ýaýlanyň goragçysy ýaly eserdeň gezýändiklerini aýdýar. Bir gezek göni gelen gara beladan sowandygynam hezil edip gürrüň berýär.

Ýaýlamyza uzakdaky gazak gyrlaryndan gorkyny-ürkini bilmeýän, haşyrdawuk, gara ýylan aralaşýar. Adamlar ondan elheder edip başlaýarlar. Muny aňan goragçy ýylanlar, ony kowalap, allowarra – ümdüzine äkidýär. Soň onuň gidişi-gidişi bolýar, gaýdyp  biziň jelegaýymyza köwlenmeýär.

Üpük goja ýaýlamyzdaky ýylanlaryň birnäçe ýyl bäri bardygyny aýdýar.  Gojanyň aýtmagyna görä, ýylanlaryň ýaşy oňurgasy bilen ölçenilýär.

Men dek düýn ak çägäniň ýüzünde olaryň yzlaryny gördüm. Goşalaşyp gidensoňlar yzlar hasam owadan görünýärdi.  Göýä, ak çägäniň ýüzüne, Ogullanyň ýakasyna salýan owadan nagyşlary keşdelenen ýalydy.

Bir günem goja eger islesem şu gün gije ýylanlary görkezjekdigini aýtdy. Men bu ajaýyp, höwrügen ýylanlary görmek üçin selärlige turulýan wagtdanam öň oýandym.

Agşamky gara bulut iri damjalaryny gysganyp geçip gidipdir. Mylaýym şemal sähranyň çig çeken gerşini sypalaýar. Garaňkylygam bolsa, daraýy depeleri saýgaryp bolýar. Biz ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly, aýak sesimizem gysganyp ýöräp barýarys. Janly tebigatyň  bu owadan keşbiniň arasyndan gojanyň tanyş sesi eşidildi.

– Hon-ha, olar.

Men kem-kemden ýagtylyp barýan säheriň içinden, ýeriň reňki ýaly mele, ýene şonuň ýaly akwosult ýylanlary saýgarýardym. Olar goşalaşyp alaňa çykdylar-da, uly gorpuň üstünden gola tarap suwlup gitdiler. Bu meniň ilkinji ýola läheň  ýylanlary görşümdi. Maňa olaryň ululygyndanam beter, dostlugy, biri-birine höwrügişi ýarady. Sebäp goja otursa-tursa uly dünýäde, dost-a däl, çyn ýoldaş tapmagyňam kyndygyny aýdýardy.

Men indi her gün olaryň biri-birine ysnyşyp gezip ýörenlerini görýärdim. Ýylanam bolsa olara seretmek ýakymlydy. Sebäp, düýe-köşek ýaly, olaram çölüň ýüzüdi. Käte men olaryň togap edýän ýaly Güne uzak wagtlap seredip durýanlaryny görýärdim. Käte-de olar depäniň üstüne çykyp, ýadaw dünýäniň ýüzüne serederdiler. Bu boluş meniň oglan göwnümi göterýärdi. Sebäp, ady agzalanda heder edilýän jandarlar ýaýlamyza gözellik getirýärdi. Sähralar özwsünde özleri gözelligi döredýärdiler.

Bu düňle çölüň ýowuz gözelligidi.

Meniň şeýdip, olaryň ýanaşyp ýörüşlerini näçe gün görendigimi bilemok. Bir gün barsam ýylanlaryň diňe aksowuldy bar, gumuň reňkine meňzeşi, melemtigi ýitirim bolupdyr. Ol ertesem, birigünem, soňam görünmedi. Men dalda isläp gojanyň ýüzüne seredýärdim. Ýöne olam  hiç zat geplänokdy. Ýöne pikir edýän borly, dodaklary matam çekiji salparypdyr.

Melemtik ýylany görmek üçin soňam biderek kän kösendim. Ýöne ol gaýdyp görünmedi. Oňa derek ýaýlamyzda, öten agşam üýtgeşik, meniň henize çenli eşitmedik sesim eşidildi. Ol, bir seretseň, erkeç çekireýän, bir seretseňem, enäniň bozlaýan nalyşy ýalydy. Ses, näme üçindir, diňe gijesine eşidilýärdi.

Şu gün Üpük goja onuň  aksowult ýylanyň – ene ýylanyň sesidigini aýtdy. Men: „Ýylan çekireýär” diýlen sözleri eşidipdim. Ýöne onuň çekireýşini eşitmändim. Goja uzak ýyl biri-birine höwrügip gezen ýylan  ýanýoldaşyny ýitirse, ynsan ýaly nala çekýändigini aýtdy. Bu söz inimi tikenekletdi. Gojanyň ikinji aýdan sözi, meni hasam aňňalak gapdyrdy.

– Ýowuz duýgy, ynsan duýgusyndan zabun bolýar. Gör-de duruber, aksowult ýylanam uzak ýaşamaz…

Men indi her gün, Aý dogansoň aksowult ýylanyň depä çykyp, enäniň dileg edişi ýaly, Aýa seredip nala çekişini görýärin. Ejiz bolup, merdiň nalasyny eşitmek…

Şol gün agşam men agladym. Bu çagalygymdam saýlanamsoň ilkinji ýola aglaýşymdy. Goja mamla bolup çykdy. Göni ýedi gün diýlende, aksowult ýylanyňam nalamasy kesildi. Bir jandaryny ýitiren ýaýlamyz, giňelmegiň deregine, daralan ýaly boldy. Öň ene ýaly, oglan ýüregime ynjalyk berýän uly dünýä, jähennemiň içi ýaly gamhana öwrüldi.  Goja-da köşeşdirmegiň deregine başymy sypap, şu sözleri aýtdy.

– Çyn agylar käte begençden beýik bolýar.

O sözler meni öňküdenem beter aglatdy…

                          Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)