BILIM

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan arzasy (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;

4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;

5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1, 2, 3 çärýeklerinden göçürme);

6) 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12 ölçegde ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;

7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;

8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;

9) Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;

10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;

11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

12) eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

4. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

5. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

Kabul ediş topary.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler