SIZDEN GELENLER

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap ýollaryň gurluşygynyň amala aşyrylmagy netijesinde, pudagyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu beýik işler hormatly Prezidentimiziň kabul eden Maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär.

Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri», «Ýolyşyk — biziň dostumyz!», «Ýaşyl yşyk» ýaly bäsleşikleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi gazanylýar.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowamynda ýaşlara öwüt-ündew etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidigini nygtamak, ýolyşygyň düzgünlerini, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen guralan bu çäre hemmeler üçin örän täsirli bolýar.

Ulag ýollarynda özüňi alyp barmagyň medeniýeti pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi möhümdir. Asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollaryna hem öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigini, bu ugurda geçirilýän bir aýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda, halkymyzyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirilip hem-de barha giňeldilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalar, ýollar gurlup ulanylmaga berilýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe ulag serişdeleri hem artýar. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durar.

Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, guralýan bu biraýlyk çäreleri indi berkarar döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň maý aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça käbir kanunçylyk namalaryna hem üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu hem ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Gültäç Baýramowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň

Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri