Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanmagy netijesinde, ýurdumyzda ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň kämilligi döwletimiziň barha pajarlap ösýändiginiň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilýän Kararlardyr Permanlar il-ýurt bähbidine, raýatlaryň çekýän halal zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli durmuşda asuda ýaşamagyna gönükdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketine bagyşlanyp geçirilýän biraýlygyň üstünlikli dowam etmegi, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň abadan durmuşda rahat ýaşamaklaryny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy orunda durýan aladadyr. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi hem şol aladadan gözbaş alýar.
Adamyň saglygyny we howpsuzlygyny goramakda ýurdumyzda uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň esasy maksady raýatlaryň, şol sanda çagalaryň köçelerde howpsuzlyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, olaryň asudalygyny goramak bolup durýar.
Güýz paslynda ýollarda pyýadalaryň we ulaglaryň gatnawy birnäçe esse artýar. Sebäbi täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, okuwçylardyr talyplaryň, dynç alyşdan gelen işgärleriň gatnawy köpelýär. Şonuň üçin ilat arasynda, aýratyn hem, okuwçylaryň arasynda ýolda seresaply bolmagy ündemek zerurdyr.
Ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadan durmuşyny goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksadynda täze kanunlaryň kabul edilip, döwlet derejesinde düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag ýollarynyň, köprüleriň, awtomenzilleriň gurulýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň halk üçin edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda biraýlygyň maksady we ähmiýeti barada, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, söhbetdeşlikler, mowzuklaýyn duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi gatnaşýanlarda jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Garaşsyz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu babatda dürli ýerlerde guralýan çäreleriň möhüm ähmiýeti bar. Çünki ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagynyň üpjün edilmegi hereketiň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Onuň aňyrsynda her bir ynsanyň saglygy, maşgalanyň abadanlygy baradaky alada bar.
Eziz Diýarymyzyň asudalygyny, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň eşretli durmuşy hem-de röwşen geljegi üçin ýadawsyz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris!
Bossan Gulmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.