DÜNÝÄ

Ynsanperwerlık ulgamynda hyzmatdaşlyk

2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Aşgabatda GH we GÝJHF-nyň edarasynyň işläp başlandygy bellenilip geçildi we ol bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ýeňilleşdirer.

Şeýle hem GH we GÝJHF-nyň wekili golaýda Aşgabatda geçirilen tebigy heläkçilikler ulgamyndaky kanunçylyk boýunça okuw maslahatyň üstünlikli geçirilendigini belläp geçdi. Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşandyklary bellenilip geçildi. Bilelikdäki işiň durmuşa geçirilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ösdürilmegi hakynda gürrüň etmek bilen taraplar Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip düzülmeginiň dowam etdirilmegi hakynda ylalaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda şeýle hem sebitdäki tebigy heläkçiliklere ynasanperwerlik kömeginiň berilmeginde we olara seslenmekde Türkmenistanyň möhüm orny bellenilip geçildi. Şeýlelikde ýurduň goňşy Owganystana berýän kömegi aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we Owganystanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselesine seredilip geçildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar heläkçilikli we adatdan daşary ýagdaýlara düşen adamlara lukmançylyk hem-de durmuş kömekleriniň berilmegine gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy