JEMGYÝET

“Ýylyň parlak ýyldyzy – 2019”

Düýn paýtagtymyzda her ýylda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry täze ýyl dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny synlamaga  meşhur artistler, kompozitorlar, şahyrlar, medeniýet hem-de sungat işgärleri, köpsanly ýaşlar ýygnandylar.

Bu aýdym-saz bäsleşigi ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermegi, şol sanda ýurdumyzyň iň çet künjeklerinden zehinleri ýüze çykarmagy we goldamagy maksat edinip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe radiogepleşikler we kinomotografiýa baradaky döwler komiteti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi geçirýärler.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýaş ýerine ýetirijileriň 10 sanysy çykdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaçalaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi.

Şu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň sanawyna goşulanlaryň hatarynda diňleýjileriň söýgüsini gazanan estrada aýdymçylar, konsert guramalarynyň, aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary hem-de dürli ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňlerine gatnaşyjylar, giň halk köpçüliginiň öňüne ilkinji gezek çykan oba ýerlerinden bolan özboluşly zehinler hem bar.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Şolaryň birini eminleriň ýaşlaryň sesiniň arassalygyna, gözelligine, seslerine erk edip biliş ukyplaryna doly derejede baha bermek üçin sazsyz ýerine ýetirdiler. Aýdym-saz bäsleşiginiň dowamynda oňa gatnaşýan ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşyndan soň halypalar öz pikirlerini aýtdylar hem ýaş kärdeşlerine maslahatlaryny berdiler. Soňra tomaşylar san belgili ýörite kartlaryň kömegi bilen ses bermäge mümkinçilik aldylar. Sesler sanalýan pursadynda bolsa sahnada ýetip gelýän täze ýyla, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanyp döredilen aýdymlar ýaňlandy. Soňra tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Sesleriň sanalmagy tamamlanyp, alyp baryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan etdiler. Azat Dönmezow bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň eýesi boldy. Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji pul sylagy gowşuryldy. Bäsleşigiň birinji, ikinji, üçünji orunlaryny degişlilikde Eldar Ahmedow, Rahman Hudaberdiýew, Täşli Tülegenow eýelediler.

Bäsleşigiň ahyrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşigiň ýeňijisi Azat Dönmezowyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, mähriban watanymyzyň gülleýişlerini wasp edýän ajaýyp aýdym ýaňlandy.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi