BILIM

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler
ýokary bilimli bolmalydyrlar.
Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul
edilmeýär.
Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.
Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw
mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga
rugsat edilmeýär.
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň
ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin:
— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmybarlag edarasynyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny;
− hünärine laýyklykda, saýlap alan temasy boýunça
ylmy referat;
— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny
(ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň
we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy).
— şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary
ýurtda alanlar degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamany) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov