SIZDEN GELENLER

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutan­lygyn­da Türkmenis­tanyň äh­li ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pugtalandyrmak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys mese­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak babat­da ed­ýän ta­gal­la­lary Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­lyn­da uly ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň go­laý­da Hy­taý Halk Respublikasyna ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem mu­nuň aý­dyň mysaly boldy.

Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ilkinjileriň hatarynda ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary ilerledip, döwletimiziň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Dürli ulgamlarda özara hereketleriň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi. Hökümet, parlament derejesinde, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldilýär.

Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalardyr ylmy hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Hytaý köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Geçmişde türkmen-hytaý gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda bu ýol söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gaýtadan dikeldilýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ugry hasaplanýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Türkmenis­tan­da dost­luk­ly Hy­taý döw­le­ti­niň di­li­ni, me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma uly.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary Hytaýyň ençeme ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap bilim alýarlar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ylym babatda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň alymlarynyň tejribe alyşmagy ylym ulgamynda türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde geçirilýän halkara ylmy maslahatlara belli hytaý alymlarynyň gatnaşmagy, Türkmenistanyň alymlarynyň bolsa, dostlukly ýurtda geçirilýän ylmy forumlarda çykyş etmekleri ikitaraplaýyn ylmy hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilmegine saldamly goşant goşýar.

Şeýle hem ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Şeýlelik bilen, taryhy köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, üstünlikli ösdürülýär. Dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine gönükdirilendir. Şol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Munuň özi iki halkyň arasyndaky köp asyrlyk hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin düýpli esas bolup durýar.
Firuza Jumaýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy