Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr.
Türkmen durmuşynda «Maşgalam – baş galam» diýlip, maşgala ojagynyň mukaddesligine örän uly sarpa goýulýar. Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Edep zenan üçin geýim ýalydyr», «Edep bir täçdir», «Enäniň mähri — zor, terbiýesi — zer», «Edenli gelin ojaga şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt» ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, olaryň adamzadyň dowamatyny dowan etdiriji mähribanlardygyny beýan edipdirler. Ata — maşgalanyň galasy, ene — ojagyň sütüni hasap edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen döredilen ajaýyp kitaplarynda hem maşgala ojagy, zenan mertebesi, enäniň maşgaladaky orny, mukaddesligi giňişleýin açylyp görkezilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Terbiýäniň ýene bir görnüşi köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Ýaş nesillere entek çaga döwründen kitap hakynda düşünje bermek maksadalaýykdyr. Bu ýaşda ertekili kitaplar okalyp berilýär we çaga okamagy öwrenende, ol erteki okamaga höweslendirilýär. Pähimdar ata-babalarymyz kitap okamagy wesýet edipdirler. Şonuň üçin hem pederlerimiz kitap hakynda ençeme nakyllary döredipdirler. «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir», «Ýüz okasaň, ýat bolar, müň okasaň, binýat bolar». Şeýle nakyllaryň özi hem çuňňur paýhas bolup, her bir ynsana uly täsir edýär. Bularyň hemmesi akyl-paýhas ummanydyr.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy aladasy bilen perzendine geçýär. Hormatly Arkadagymyz «Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasyda, miwesi-de köklerine baglydyr» – diýýär. Ine, şundan hem Ogulabat ejäniň biziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kemala gelmeginde nähili uly hyzmatlary bitirendigi düşnüklidir. Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi.
Ata-babalarymyz çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka guýup başlapdyrlar. Körpeler mährem enelerimiziň watansöýüjilige, adamkärçilige eýlenen hüwdüleriniň şirin owazyndan ganyp uka gidipdirler. Türkmen maşgalasynda çaganyň her bir pursady ünsden düşürilmän, ol asyl däp-dessurlara, bagtyýarlylyk eçilýän toý baýramlara beslenýär. Biz muňa bäbek toýy diş toýy, galpak toýy, durmuş toýy ýaly gadymy ýörelgelerimiziň mysalynda göz ýetirýäris.
Edep her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir. Şol gylyk häsiýetleri, ahlak düzgünleri özleşdirmegiň başaran her bir adamyň özüni alyp barşy öz halkyna laýyk gelýär. Türkmen halkynyň edep kadalary türkmen nesli üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep-kadalaryny guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.
Ýaşlarymyzy milli gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Enejan Saryýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.