BILIMYLMY MAKALALAR

Ylmy makalalar sahypamyzy açýarys

Bizi yzygiderli yzarlaýanlar “AtaWatan Media” toparynyň saýtynyň diňe bir habar saýty däldigini bilýändir. Elbetde habar biziň ilkinji okyja ýetirýän maglumatlarymyzyň bir görnüşidir. Emma, biz başardygymyzdan gündelik sarp edilen “maglumatlar-habarlar” berýän wagtymyz köp ýyllar öz gymmatyny saklajak maglumatlary hem ýetirmek isleýäris. Elbetde bu zatlar köplenç häzirki döwrüň şertleri bilen gabat gelmeýär. Ýagny meşhur bolmanlygy üçin köp sanly okyjylar üçin gyzykly bolman bilýär.

Elbetde biz metbugaty pul gazanmagyň bir çeşmesi hökmünde görmändigimiz üçin meşhur bolmasa hem gymmatly (ýa-da zer gadryny zergär biler mysaly gymmaty käbirleri tarapyndan bilinýän) eserleri saýtymyza ýerleşdirip gelýäris. Olaryň hatarynda  “Ýakymly ýatlamalar”, “Hekaýalar”, “Türkmen maglumat” sahypalarymyzy agzap bileris.

Täze taslama barada aýtjak bolsak, saýtymyzda ylmy makalalar neşir etmek isleýäris. Biziň açmak isleýän sahypamyz ylmy makalalar sahypasy. Aslynda bu sahypamyz, gelejek-de has kämilleşer. Şonda biziň mydamalyk hereket edýän ylym adamlaryndan ybarat emin agzalarymyz hem bolar.

Ilkinji nobatda bolsa,  ylmy talaplara laýyk ýazylan makala toplumyna garaşýarys. Şonda eger makalany talyp ýazan bolsa, makalany okap syn beren mugallymyň ady we syny hem wajypdyr. Eger uniwersitetiň mugalymy ýazan bolsa, gönüden-göni bize iberip biler. Elbetde, mugallym tarapyndan ýazylan makala, başga bir mugallym tarapyndan syn berilen bolsa, ol has gowy bolar, emma hökmany şert däldir.

Makalalar gündelik makalalar bolman, gymmadyny köp wagtlap saklap galjak makala bolmagy awtoryň jogapkärçiligindedir. Makalalaryňyzy atavatantv@gmail.com salgynya iberip bilersiniz. Makalalar iberilen wagty, makalada öňe sürülýän pikirleri goldaýan suratlar, şekiler bolsa has gowy bolar. Emma azyndan makala degişli bir surat iberilmelidir. Şeýle hem awtoryň öz şahsy fotosurady bolsa gowy bolar.

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy